“Türkmen tebigatynyň ýaraşygy: bedewler we alabaýlar” atly foto-surat we gysga wideogörnüş bäsleşigi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Muny ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerinde hem aýdyň görmek bolýar. Türkmen oba hojalyk institutynda hem talyp ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, institutda hereket edýän “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Kluby bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň milli mirasymyzda tutýan orny mynasybetli geçirilen “Türkmen tebigatynyň ýaraşygy: bedewler we alabaýlar” atly foto-surat we gysga wideogörnüş bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady şanly ýylymyzyň many-mazmunyny giňden açyp görkezmek şeýle-de ahalteke bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmakdan ybaratdyr. Talyp ýaşlaryň taýýarlan ahalteke bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarymyzyň waspyny çeper beýan edýän işlerine eminler topary çeperçilik, many-mazmun we tehniki taýýarlyk derejesi boýunça ýokary baha berdiler.

Bäsleşik iki ugur boýunça geçirildi. Bäsleşigiň foto-surat ugry boýunça gatnaşan talyplaryň arasynda netijeler kesgitlenildi. Netijelere laýyklykda bu ugur boýunça 1-nji orna Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hojamguly Taýlyýew, 2-nji orna Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji talyby Kerim Asdangulyýew, 3-nji orna Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nurana Aliýewa mynasyp boldy. Talyplaryň düşüren suratlarynda ahalteke bedewlerimiziň syraty we türkmen alabaýlarynyň wepalylygy çeper şöhlelendirilipdir.

Bäsleşigiň wideogörnüş ugry boýunça 1-nji orna Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji talyby Serdar Nuryýew, 2-nji orna Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Umida Rahmetjanowa, 3-nji orna Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ogulgerek Zakirjanowa mynasyp boldy. Wideogörnüşlerde bedewlerimiziň batly gadamlary we alabaýlarymyzyň gaýduwsyzlygy beýan edilipdir. Her bir wideogörnüş milli sazlaryň we tebigatyň ajaýyplyklarynyň utgaşmagynda taýýarlanylypdyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Şeýle çäreler ýaşlaryň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, hünär ösüşine-de uly ýardam berýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň zehinlerini ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ýaşlara şeýle uly mümükinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Garlybaý PAŞŞAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy