DURNUKLY AZYK HOWPSUZLYGYNDA KÖSÜKLI DÄNELILERIŇ ORNY BARADA SEMINAR GEÇIRILDI

Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň “GeoGIS” atly talyplaryň ylmy gurnagy Bütindünýä kösükli däneliler güni mynasybetli ylmy seminar geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çykyşlarda kösükli we däneli ekinleriň peýdasy, ýerleri gowulandyrmakdaky orny we kösükli ekinleri aralyk ekin hökmünde peýdalanmaklyk barada pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Talyplar çykyşlarynda tanyşdyryş slaýdlary giňden ulandylar we her bir nutukdan soňra sorag-jogap alyşmalar arkaly öz bilimlerini artdyrdylar. Bu bolsa seminara gatnaşyjy ýaşlaryň ylym-bilim we hünär endiklerini kämilleşdirmeklerine täsir etdi.

“Ýaş konstruktor” ylmy gurnagynyň agzasy A.Saryýewanyň, “Inžener gidrotehnik” ylmy gurnagynyň agzasy H.Taýlyýewiň, Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby E.Öwezowanyň çykyşlary beýlekilerden has-da tapawutlandy.

Bäsleşige gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derejesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylym tejribe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.

Amangül NARBAÝEWA,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi