Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň “GeoGIS” ylmy gurnagy Suw serişdeleriniň bütindünýä güni mynasybetli “Suwdan tygşytly peýdalanmak” atly talyplaryň ylmy seminaryny geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çykyşlarda suw serişdeleriniň peýdasy, tebigatda suwuň aýlanyşygy, suwdan netijeli peýdalanmaklyk barada pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Talyplar çykyşlarynda tanyşdyryş slaýdlary giňden ulandylar we her bir nutukdan soňra sorag-jogap alyşmalar arkaly öz bilimlerini artdyrdylar. Bu bolsa seminara gatnaşyjy ýaşlaryň ylym- bilim alyşlaryny we hünär endiklerini kämilleşdirmeklerine täsir etdi.
“Şöhratly taryh” ylmy gurnagynyň agzasy J.Ýowbaýewanyň, “Inžener gidrotehnik” ylmy gurnagynyň agzasy H.Taýlyýewiň, Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby G.Kakabaýewanyň çykyşlary beýlekilerden has-da tapawutlandy.
Seminara gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derjesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
Jumamyrat NURMYRADOW,
Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk
ugrunyň 3-nji ýyl talyby