Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillere döwrebap bilim bermek we ylmy ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, biziň institutymyzda Genetika dersi boýunça ders bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bäsleşik talyplaryň bu çylşyrymly we gyzykly ylma bolan höwesini artdyrmak, olaryň nazary we amaly bilimlerini barlamak maksady bilen gurnaldy.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar genetikanyň häzirki zaman meseleleri, molekulýar biologiýanyň esaslary we seleksiýanyň täze usullary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak baradaky döwlet syýasatynyň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr. Geljekde hem şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, ýaş alymlaryň kemala gelmegine we Türkmenistanyň ylmy kuwwatynyň has-da berkemegine ýardam eder.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijesinde, özleriniň çuňňur bilimleri we tapawutly ukyplary bilen beýlekilerden saýlanan talyplar ýagny, Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby A.Amanmyradow, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ş.Şyhyýew, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby R.Miriýewa ýokary netijeleri görkezip bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri we işjeň gatnaşyjylary Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.
Haýitžan KAZAKOWA
Bagbançylyk we gök ekerançylyk
kafedrasynyň mugallymy