OBA HOJALYK YLMY: GELJEK ÝAŞLARYŇ ELINDE – INSTITUTYMYZDA ZEHNINLI MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesliň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagy, olaryň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp, geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine goşant goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady – mekdep okuwçylarynyň oba hojalyk pudagyna, tebigaty goramaga we innowasion tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan, olaryň arasynda iň zehinli we bilesigeliji ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar özleriniň taýýarlan ylmy taslamalaryny, oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky tekliplerini we ösümlik dünýäsiniň biologik aýratynlyklaryna degişli ylmy işlerini eminler toparyna hödürlediler.

Eminler topary tarapyndan okuwçylaryň işleri täzeçilligi, ylmy esaslandyrylyşy we amaly ähmiýeti boýunça baha berildi. Bäsleşigiň ahyrynda iň ýokary netije görkezen okuwçylar ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere we işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmen oba hojalyk institutynyň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşyjylar üçin institutymyzyň barlaghanalaryna, okuw tejribe meýdançalaryna we sanly bilim merkezine gezelenç guraldy. Bu bolsa mekdep okuwçylaryna geljekde hünär saýlamakda uly tejribe boldy.

Mekdep okuwçylarynyň ylym-bilim ýolunda uly üstünliklere beslenmegine, ýaşlaryň zehininiň açylmagyna hemişe goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Babageldi KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy