Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, ýurdy has-da rowaçlandyrjak, ylma-bilime, giň gözýetimli, hemmetaraplaýyn ösen kämil nessilleri terbiýeläp ýetişdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň ýaş, Türkmen oba hojalyk institutyny agzaman geçmek mümkin däl, sebäbi bu okuw jaýy ýaşlara döwrebap bilim bermekde, döwletimizdäki bar bolan ýokary mekdepleriniň arasynda uly hoirmata eýe bolýar. Institutda ýokary derejede bilim berilýanliginň aýdyň subutnamasy, şu okuw mekdebini üstünlikli tamamalan uçurumlaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmekleri we olryň belent sepgitlere eýe bolmaklary. Institutda talyplara berilýän bilimler önümçilik, tejribelik işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar, bu bolsa öz netijesinide berýär.
Her ýylky uçurum bolan talyplaryň ornuna bilimli ýaşlary saýlap seçip almak maksady bilen, institutda indi birnäçe ýyldan bäri Açyk gapylar çäresi geçirilýär. Şeýle çäre 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 11-ne geçirildi. Bu çärä gatnaşan 400 golaý mekdep okuwçylaryny institutyň professor mugallymlary we jemgiýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli we gyzgyn garşylandy.
Çäräň açylyş dabarasynda giriş sözi bilen institutyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça prorektory Kuwwat Kurbanow çykyş etdi we institutda talyp ýaşlara çuňňur, döwrebap bilim bermekde institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işler we utgaşykly geçiriljek çäreler bilen gysgaça tanyşdyrdy. Çärä gatnaşan mekdep okuwçylarynyň arasynda Matematika, Fizika, Biologiýa, Himiýa derslerinden dersara we “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşikleri geçirildi. Şeýle bäsleşikler Lebap we Mary welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň arasyndayn hem geçirildi. Bäsleşiklerde gowy netije gazanyp ýeňiji bolan ýaşlara Institutyň rektorlygy tarapyndan I-II-III-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Duşuşyga gelen mekdep okuwçylary instituyň okuw otaglaryna, okalga zalyna, medeni köpçülik çäreleri geirilýän medenýet merkezine, institutyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, sport we türgenleşik meýdançalaryna, bäsleşikler geçirilýän zalyna baryp gördüler şeýle-de okuw-terbiýeçilik işleri, yzygider gurnalýan sergiler we beýlekiler bilen içgin tanyşdylar. Institutda geçirilen “Baý mazmunly geçirilen çäräň” at owazasy belentden ýaňlanyp, duşuşyga gatnaşan mekdep okuwçylarynda, institut bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak we ussat hünärmen bolmak üçin şu okuw jaýynda öz bilimlerini dowam etdirmek arzuwlary oyandy. Duşuşyga gatnaşan ruhybelent ýaşlar okamaga, bilim almaga, hünär öwrenmäge giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmeklerini arzuwlap biz bilen hoşlaşdylar.
Orazmyrat ÇANDYROW,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy