Türkmen oba hojalyk institutynyň “Kämil agrohimik” ylmy gurnagy Ýabany tebigatyň bütindünýä güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Merkezi kitaphanasynda “Tebigatdan netijeli peýdalanmakda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly açyk sapagy geçirdi. Açyk sapaga institutyň Ýaş Alymlar geňeşiniň çäginde hereket edýän ylmy gurnaklara agza bolan talyplar, orta mekdep okuwçylary we ylma höwesli ýaşlar gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda ýurdumyzda we dünýäde innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylyşy, suw serişdeleriniň tygşytlanyşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndysyz önümçilik ýaly birnäçe meseleler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Açyk sapagyň jemleýji bölüminde iň täsirli we ýatda galyjy pursatlaryň biri hem tema bilen baglanyşykly guralan “Interaktiw oýunlar” bölümi boldy. Bu oýunda innowasion tehnologiýalara degişli çylşyrymly soraglara çalt jogap bermek arkaly ýaşlar öz aralarynda bäsleşdiler. Işjeň gatnaşan talyplar we mekdep okuwçylary hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Ýabany tebigatyň bütindünýä güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Merkezi kitaphanasynda geçirilen “Tebigatdan netijeli peýdalanmakda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly açyk sapagy ýaş nesilleriň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmakda, olarda tebigata bolan söýgüni kemala getirmekde, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalardan peýdalanmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Uzukjemal HANMYRADOWA
“Şöhratly taryh” ylmy gurnagynyň agzasy,
TOHI-niň 3-nji ýyl talyby