Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmaga we ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge uly üns berilýär. Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň Daşoguz şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bedew at – halkyň myrady” atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu çäre ýylyň şygary “Garaşşyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” şeýle-de Türkmen bedewiniň baýramy bilen baglanyşykly boldy.
Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar özleriniň surat çekmek ukyplaryny we döredijilik dünýäsini açyp görkezdiler. Ak kagyz ýüzünde janlandyrylan türkmen bedewiniň keşbi, halkymyzyň Ahalteke bedewlerine bolan çäksiz söýgüsini we wepadarlygyny aýdyň şöhlelendir. Gatnaşyjylar surat çekmekligiň dürli usullaryny peýdalanyp, bedewleriň syratyny, asyllylygyny we milli mirasymyz bilen baglanyşygyny ussatlyk bilen beýan etdiler.
Guralan bu döredijilik bäsleşigi talyp ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny kämilleşdirmekde, olaryň sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem, çäre talyplaryň hünär bilimlerinden daşary, medeni we ruhy taýdan baýlaşmagyna ýardam etdi.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan işiň nepisligi, many-mazmunyny boýunça tapawutlanan işler kesgitlenildi. Bäsleşikde 1-nji orna Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Leýla Saparowa, 2-nji orna Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Asdangulyýew, Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Soltangül Babahanowa, Agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby Humaý Mekanowa, 3-nji orna Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gülnur Pirekowa, Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Selbi Kaharowa, Agroinžener taýýarlyk ugrunyň 1-nji talyby Oguljeren Mätiýewa mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna döredijilikli zähmet çekmek, ylym-bilim almak üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Gurbanjemal ABDYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi