Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli buýsanjy we uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmäge hem-de olaryň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermäge aýratyn üns berilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen “Türkmen bedewi halkymyzyň milli buýsanjydyr” atly ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň taryhy köklerini we döwrebap ösüşlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň bedewler baradaky gymmatly eserlerine salgylanylyp, ahalteke atlarynyň diňe bir milli miras däl, eýsem türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, asylly ýörelgeleriniň we tutanýerli zähmetiniň belent simwolydygy aýratyn nygtaldy.
Ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, olaryň kalbynda watansöýüjilik duýgularyny oýarmakda we pederlerimizden miras galan seýisçilik mekdebiniň syrlaryny öwretmekde atçylyk sportunyň hem-de ippoterapiýanyň ähmiýeti maslahatyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenilip geçildi. Professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy maslahat ýurdumyzda atçylyk ylmynyň täze belentliklere çykandygynyň we milli gymmatlyklarymyzyň dowamatynyň dowamdygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Selbi MEREDOWA
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy,
“Daşky gurşawy goramak-durnukly
ösüşiň möhüm konsepsiýasy”
atly ÝUNESKO klubynyň ýolbaşçysy