WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda Temmäkä garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli hem-de talyplaryň arasynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, ýaramaz endikleriň täsirlerini, ýangyn howply ýagaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen lukmanlaryň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda talyp ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bilşimiz ýaly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen halkymyzyñ ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler amala aşyrylýar. Çäräniň dowamynda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde millilik, peder ýörelgelerine ugrukdyrmagyň, olara bu hakda zerur bilimi we düşünjeleri bermegiň, ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda has-da ýaş nesilleriň geljegi üçin zyýan berýändigi dogrusynda çykyşlar edildi.

Çykyşlaryň dowamynda her ýylyň 31-nji maýynda “Temmäkä garşy göreşmegiň Bütindünýä güni” atly çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilýändigi talyplaryň dykgatyna ýetirildi. Çilimiň düzüminde bar bolan 400-den gowrak maddanyň köpüsiniň adam saglygyna uly zyýan ýetirýändigini aýratyn nygtadylar. Ol maddalaryň adamyň öýkeninde rak keseliniň döremegine uly täsir edýändigini düşündirdiler. Ýaşlykdan çilim çekmeklige endik edýänlerde baglylygyň, baknalygyň döreýändigini anyk mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Şyhmyrat BAZAROW,
Institutyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy