“YLYM SURATLARDA” HALKARA SURAT BÄSLEŞIGINDE GAZANYLAN ÝEŇIŞ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy dünýä derejesine çykarylýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlary halkara bäsleşiklerde, ylmy maslahatlarda hem-de döredijilik bäsleşiklerinde öňdebaryjy orunlary eýeläp, Watanymyzyň abraýyny we mertebesini belende göterýärler. Buýsançly wakalaryň ýene-de biri biziň institutymyzda uly şatlyk we şowhun bilen garşylandy.

Biziň ýokary okuw mekdebimiz Moskwa politehniki uniwersiteti tarapyndan guralan “Ylym suratlarda” atly ýubileý halkara surat bäsleşiginde uly üstünlik gazandy.

Institutymyzyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýangiljon Palýazowa bu abraýly halkara bäsleşige gatnaşyp, ýokary ussatlygyny we döredijilik başarnygyny görkezmegi başardy. Ol bäsleşigiň iň gyzykly we jogapkärli ugurlarynyň biri bolan “Ylymdaky adamlar” diýen ugurda öz işini hödürledi. Halkara eminler toparynyň ýokary bahalandyrmagy netijesinde, uly mugallym Ýangiljon Palýazowa bu ugurdaky bäsdeşlerinden üstün çykyp, 1-nji orna mynasyp boldy we ýörite Diplom bilen sylaglandy.

Bu halkara ýeňiş institutymyzyň diňe bir ylmy-pedagogik däl, eýsem döredijilik hem-de ylmy-barlag işlerinde-de dünýä derejesinde bäsleşip biljek hünärmenleri taýýarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Surat sungatynyň dili arkaly ylmy barlaglary sungat derejesine ýetirmegi başaran we halkara bäsleşikde institutymyzyň adyny dabaralandyran mugallymymyzyň bu üstünligi hemmämiz üçin ajaýyp göreldedir.

Roza KARRIÝEWA,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi