Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we tebigi serişdeleri rejeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň uly dabaralara beslenip bellenilmegi hem tebigata bolan belent hormatyň aýdyň subutnamasydyr.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde guralan “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly 3-nji bölüm amaly we ylmy taýdan örän ähmiýetli çykyşlara baý boldy. Türkmen oba hojalyk institutynyň öňdebaryjy alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçen bu bölümçede sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen 7 sany esasy ylmy ugurlar ara alanyldy.
Maslahatda ilkinji bolup çykyş eden uly mugallym Ýazguly Ataýew, uly mugallym Aýnabat Kerimowa, mugallym Gurbanmyrat Rejepow, uly mugallym Aýjeren Tagandurdyýewa, uly mugallym Guwanç Myradow, uly mugallym, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Bahar Ýusupowa hem-de Arazmyrat Amanow aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri barada giňişleýin we çuňňur ylmy çykyşlary bilen sebitiň ekosistemasyny has anyk öwrenmäge ýol açdy.
Maslahatyň dowamynda öňe sürlen ylmy teklipler we barlaglar Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda uly gural bolup hyzmat eder. Bize ylmyň we bilimiň iň döwrebap şertlerinde işlemäge, daşky gurşawy goramakda dünýä derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris!
Umyda RAHMETJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby