TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYMYZDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmen oba hojalyk institutynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan hem-de ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat “Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýurdumyzda ekologiki abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepilidir” diýen dabaraly şygar astynda geçdi.

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň durnukly ykdysady we ekologik ösüşini üpjün etmekde innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň orny günsaýyn artýar. Şeýle möhüm meseleleri ylmy taýdan esaslandyrmak maksady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatda ekologik durnuklylygyň hukuk, ykdysady hem-de tehnologik şertleri giňden seljerildi. Geçirilen maslahatyň umumy we bölümçe mejlislerinde birnäçe mugallymlar we talyplar özleriniň ylmy-gözleg işleriniň netijeleri barada örän täsirli we durnukly teklipler bilen baýlaşdyrylan çykyşlary etdiler. Maslahatda aýratyn gowy we uly täsir galdyran çykyşlaryň hatarynda institutymyzyň uly mugallymy Döwlet Durdyýew özüniň “Sanly ekologiýa – tebigy serişdelere gözegçilik etmekde täzeçil usullaryň özenidir” diýen mowzuk boýunça, şeýle-de uly mugallym Aýjeren Tagandurdyýewa özüniň “Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň hukuk esaslary” atly mowzugy boýunça örän mazmuna baý we täsirli çykyş edip, gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdiler.

Maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan ylmy garaýyşlar we netijeli teklipler geljekde oba hojalyk önümçiligini innowasion esasda ösdürmekde we talyp ýaşlaryň ekologik medeniýetini kämilleşdirmekde uly gollanma bolar.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň yzygiderli ösmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, şeýle hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk hem-de tükenüksiz alkyşlar bildirdiler.

Wazira ERMETOWA
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi