YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahat diňe bir ylmyň gazananlaryny jemlemek bilen çäklenmän, eýsem täsirli hem-de netijeli çykyşlaryň ençemesine baý boldy. Maslahatyň umumy mejlisinde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň innowasion çemeleşmeleri baradaky dokladlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi, aýratyn hem Ösümlikçilik kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty M.Orazbaýewanyň okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň kepillikleri baradaky doklady hem-de Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Ýusupowanyň ylmyň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydygyna bagyşlanan çykyşy diňleýjilerde aýratyn uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, maslahat öz işini bäş sany esasy bölümde dowam etdirip, onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýaşyl energetika innowasiýalary, taryhy-medeni mirasy sanly serişdeler arkaly ylmy esasda öwrenmek hem-de talyp ýaşlary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek ýaly düýpli meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Örän täsirli geçen bu giň gerimli çykyşlar innowasion ylmy gözlegleri we amaly tejribeleri utgaşdyrmagy başaryp, maslahatyň ylmy-amaly ähmiýetini has-da artdyrdy.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň yzygiderli ösmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, şeýle hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk hem-de tükenüksiz alkyşlar bildirdiler.

Eset ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy