2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mejlisler zalynda baýramçylyk ruhuna beslenen dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda, şeýle-de halkara ders, taslama we beýleki dürli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başaran institutymyzyň mugallymlaryna hem-de zehinli talyp ýaşlaryna diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyna bagyşlandy.
Dabaranyň başynda bäsleşiklerde tapawutlanan talyp ýaşlaryň we olaryň tejribeli halypa mugallymlarynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri buýsanç bilen bellenilip geçildi. Okuw ýylynyň dowamynda halkara we döwlet derejesindäki ylmy-taslama hem-de ders bäsleşikleri institutyň ylmy kuwwatynyň, şeýle-de sanly agroinnowasiýalar ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýene-de bir gezek subut etdi.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen bu çärede dabaraly gutlag sözleri aýdyldy hem-de ýeňijilere degişli diplomlar, hormat hatlary we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Ýeňijileriň hatarynda halkara bäsleşiklerde institutymyzyň adyny belende göteren talyp ýaşlaryň, şeýle hem mugallymlaryň we talyplary ylmyň täze belentliklerine ugrukdyran, olara ýakyndan halypalyk eden institutymyzyň öňdebaryjy mugallymlarynyň bolmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýaşlaryň ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny bildirdiler.
Nurmyrat ARAZDURDYÝEW,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy