ÝAŞ ALYMLARYŇ BÄSLEŞIGINDE ULY ÜSTÜNLIK

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşikde Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri ýokary netijeleri gazanyp, uly üstünliklere eýe boldular. Ýurdumyzda ýaş alymlary goldamak boýunça alnyp barylýan syýasatyň, ýurtda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, institutyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Hangeldi Gurbanow özüniň netijeli ylmy işi bilen 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem, ýokary okuw mekdebimiziň zehinli talyplaryndan Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Nurmyradow 2-nji orny, Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Žahan Mirabowa hem-de Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Eneş Gurbangeldiýewa 3-nji orny eýelemegi başardylar. Innowasiýa tehnologiýalaryna, oba hojalygynyň wajyp meselelerine hem-de ylmyň döwrebap gazananlaryna daýanýan bu taslamalar ýaşlaryň ylmy-döredijilik gözlegleriniň barha kämilleşýändigini görkezdi. Bäsleşigiň ýeňijileri bäsleşigiň şertlerine laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar.

Ýeňiji bolan ýaş alymlarymyz özleriniň ylmy-döredijilik gözleglerini amala aşyrmaklarynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Esen AMANKULYÝEW,
Türkmen oa hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy