Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek we mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli yglan edilen “Ylmyň altyn gaznasy: göreldeli ylmy işgärler” atly bäsleşigi geçirildi we netijeleri yglan edildi. Guramaçylyk topary tarapyndan 2025-2026-njy okuw ýylynda institutyň mugallymlarynyň gazanan ylmy üstünlikleri, neşirýat işjeňligi hem-de talyplara eden ýolbaşçylyklary Düzgünnamanyň bahalandyryş talaplaryna laýyklykda seljerildi. Bäsleşigiň netijelerine görä, Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Bahar Ýusupowa I orna, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Saýara Baltaýewa we Amaly mehanika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Gozal Abdullaýewa II orna, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Hudaýberdiýew, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Döwletmyrat Anyýew hem-de Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Maýa Hajyýewa III orna mynasyp boldular.
Ýokary görkezijiler gazanyp, bellenen orunlary eýelän ýeňijiler ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy. Bäsleşik ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryny innowasion ylmy-barlag taslamalaryna we täze oýlap tapyşlara has-da ruhlandyrdy.
Rejepmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallymy