Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, millilik ruhynda ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Şu şanly ýörelgeden ugur alyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler we özgerişler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata institutynyň professor-mugallymlary, ýaş alymlary, aspirantlar we işjeň talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady – ýurdumyzyň agrotehnologiýa pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy barlaglary önümçilige giňden ornaşdyrmak hem-de talyplaryň ylmy-döredijilik işine bolan höwesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmek babatda ýerine ýetirilmeli işler barada giňişleýin durup geçdiler. Aýratyn-da, ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmagynyň, täzeçil taslamalary işläp düzmeginiň hem-de oba hojalygynyň dürli ugurlarynda innowasion tehnologiýalary ulanmagynyň wajypdygy bellenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda talyplar we ýaş mugallymlar tarapyndan taýýarlanylan ylmy makalalar, täze innowasion teklipler diňlenildi. Olarda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ekinleri zyýankeşlerden we kesellerden biologiki usullar arkaly goramak, maldarçylykda önümçiligiň netijeliligini artdyrmak ýaly möhüm temalar ara alyp maslahatlaşyldy. Bu çykyşlar ýaş nesliň ylma bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşmaga höweslidigini görkezdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet derejesinde ýaşlara döredilýän ähli şertler we mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de ýurdumyzyň rowaçlygy ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerini we okajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.
Atageldi AMANIÝAZOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy