“Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi nusgalyk görelde” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Diýarymyzyň dürli sebitlerinde türkmen halkynyň milli Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de mekdep okuwçylary bilen geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşy mynasybetli, institutymyzda 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda institutyň Ýaş alymlar geňeşi bilen Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi nusgalyk görelde” atly talyplaryň we mugallymlaryň ylmy-amaly maslahatygeçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata talyplar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda eden taryhy çykyşynyň örän gyzykly we täsirli bolandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy bolandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynyň dowamynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

 

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy