Asuda asman – arassa howa

Türkmen oba hojalyk institutynyň “ECOlife” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Gök asman üçin arassa howanyň Halkara güni mynasybetli “Asuda asman – arassa howa” atly ylmy seminar geçirildi. Seminara institutyň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda  ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleri belläp geçdiler.

Seminarda daşky gurşawy goramak, howanyň hilini saklamak we ekologiýa howpsuzlygy çärelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýaş nesil üçin ekologiýa biliminiň, şeýle hem ekologiýa deňagramlylygyny saklamak we atmosferany goramak üçin innowasion tehnologiýalary we ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Seminar örän täsirli boldy we gatnaşyjylaryň arasynda netijeli pikir alyşmalar bilen tamamlandy.

                                                                                                            

Ogulgerek ZAKIRJANOWA 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby