2026-njy ýylyň 17-nji sentýarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň “Inžener-gidrotehnik” atly ylmy gurnagy Halkara ozon gatlagyny goramak güni mynasybetli talyplaryň ylmy seminaryny geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy.
Talyp ýaşlaryň ekologiýa bilen bagly ylmy-amaly çärelere işjeň gatnaşmagy geljekde ýaşyl başlangyçlaryň, täzeçil taslamalaryň we ekologik medeniýetiň ösmegine oňyn täsir edip biläýjek pikirleri hem-de sanly dünýäniň mümkinçiliklerini diňe öz durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin däl, eýsem tebigaty goramak we jemgyýetiň durnukly ösüşine goşant goşjakdygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminar talyplaryň bilimini we ylmy işjeňligini artdyrmaga niýetlenildi.
Talyplar çykyşlarynda tanyşdyryş slaýdlary giňden ulandylar we her bir nutukdan soňra sorag-jogap alyşmalar arkaly öz bilimlerini artdyrdylar. Bu bolsa seminara gatnaşyjy ýaşlaryň ylym-bilim alyşlaryny we hünär endiklerini kämilleşdirmeklerine täsir etdi.
“Şöhratly taryh” ylmy gurnagynyň agzasy J.Ýowbaýewanyň, “Inžener-gidrotehnik” ylmy gurnagynyň agzasy A.Kömekowanyň, “Täsin fizika” ylmy gurnagynyň agzasy E.Baýramowanyň çykyşlary beýlekilerden has-da tapawutlandy.
Seminara gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derejesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy