Türkmen oba hojalyk institutynda “TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY ÝURDUMYZYŇ BERKARARLYGYNYŇ BINÝADYDYR” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY ÝURDUMYZYŇ BERKARARLYGYNYŇ BINÝADYDYR” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy ýurdumyzyň berkararlygynyň binýadydyr” atly professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler döwlet Baýdagymyzyň — milletimiziň ýüzüniň tuwagy, mertebesi, ar-namysy, ýagşy umytlary, buýsançly ruhunyň mukaddes ýaňy, gowgaly we şöhratly geçmişi, röwşen we ýagty geljegidigini, Berkarar döwletimiziň synmaz sütünidigini, abadan durmuşymyzyň mizemez ykrarnamasydygyny uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we daşary syýasat babatdaky milli kanunçylygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle-de biziň döwletimiziň goşulýan halkara şertnamalary daşary syýasatymyzyň hukuk binýadyny düzýär. Onuň netijesinde Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýän Garaşsyz döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy dünýäde pugtalanýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar başymyzyň täjine deňelýän mukaddes Tugumyz asuda, erkin, abadan durmuşymyzyň kepili bolup, hemişe belentde pasyrdamagyny, Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdirdi.