Daşky gurşawy goramak ugrunda möhüm ylmy duşuşyk geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda talyplaryň ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we oba hojalygyny durnukly ösdürmek işlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin yzygiderli çäreler geçirilýär. Talyplaryň ekerançylyk ýerleriniň geologiýasyny giňişleýin öwrenmeklerini, bu ugurda ylmy dünýägaraýşyny giňeltmeklerini hem-de sowatlylygyny ýokarlandyrmagy üpjün etmek maksady bilen umumy okuwlar, duşuşyklar geçirilýär.

Şu maksatlar bilen, institutymyzyň talyp ýaşlarynyň şeýle hem, “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalarynyň ýerlerde geçýän tejribelik işleriniň netijeliligini artdyrmak göz öňünde tutulyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 17-19-y aralygynda ylmy-amaly okuwlar, çäreler guramaçylykly geçirildi.

Çäreleriň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň hünärmeni, geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin institutymyzda iş saparynda bolup, talyplar üçin mazmunly umumy sapaklary geçirdi. Talyplar we mugallymlar geologo-mineralogik ylymlaryň soňky gazananlary, topragyň düzümi hem-de durnukly ekerançylygyň ylmy esaslary boýunça gymmatly maglumatlary aldylar.

Şeýle hem sapaklaryň dowamynda alym institutymyzyň mugallymlary bilen duşuşyp, oba hojalyk ylymyny ösdürmek, ýer serişdelerini durnukly peýdalanmak we bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek barada pikir alyşdy. Anatoliý Buşmakin institutymyzyň çägindäki muzeýe baryp gördi hem-de bu ýerdäki eksponatlar, sebitiň baý taryhy we tebigy aýratynlyklary bilen içgin tanyş boldy.

“Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klubynyň agza talyplary bilen ýyly we mazmunly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar hem-de gelejekki gözleg işleri barada peýdaly maslahatlary diňlediler.

Geçirilen bu çäreler talyplaryň amaly bilimlerini baýlaşdyrmakda we olarda daşky gurşawa bolan ekologik jogapkärçiligi terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Selbi MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy,
institutyň ÝUNESKO klubynyň ýolbaşçysy