Tylladan zerbap donun geýip gelen ajaýyp güýz paslynyň ilkinji aýynda milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän, naýbaşy baýramymyz - Garaşsyzlyk baýramynyň giňden we dabaraly bellenilýän günleri ýatdan çykmajak taryhy wakalara, ykballara täsir ediji özgertmelere baý boldy. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan, uly üstünliklere beslenip geçen, halk häkimiýetiniň dabaralanmasyny subut edýän Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýdanlarymyzyň tassyknamasydyr. Şu taryhy maslahatyň ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik beren mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna tutulýan naýbaşy toýumyzyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň özi-de ägirt uly many-mazmuna eýedir.
Halk maslahatynyň ahyryna Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Watana bolan söýgi, ýurdumyzda alynyp barylýan işleri sanly tehnologiýa taýdan ornaşdyrmak oba hojalygynda azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, milli medeni mirasymyza öwrülen Bedew atlarymyzyň şan şöhratyny dünýä ýaýmak babatynda alnyp barylýan işler barada nygtap geçdi.
Döwletimiziň halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däplerine, saýlanyp alnan parahatçylyk we döredijilik ýoluna ygrarlylygyny özünde jemleýän demokratik ýörelgeleriň esasynda, milletimiziň baý taryhy durmuşyna esaslanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň üznüksizdiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Biz bagtyýar talyp ýaşlara şeýle taryhy çärelere gatnaşmaga, bilim almana we ýurt bähbitli işlerde zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsunymyzy aýtýarys.
Arzuw ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby
Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde sözlän taryhy sözünde Gahryman Arkadagymyz Häzirki zaman ykdysadyýetiň netijeli ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydygyny aýratyn nygtap geçdi. Çünki ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsleşige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär
Halk Maslahatynda seredilen meseleleriň we öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözgüdi ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün edip, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini kepillendirer.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly-at myradyň mekany diýip yglan edilen bu ajaýyp ýylda maňa hem berkarar döwletimiziň Halk Maslahatynyň Mejlisine gatnaşmak miýesser etdi. Bu biz ýaşlar üçin diňe bir uly mertebe bolman, eýsem watana, jemgyýete bolan jogapkärçiligimiziň artmagydyr.
Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň netijesinde Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsanyň çagalyk arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrülip, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny mäkäm eýeledi.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etýärin.
Jumamyrat NURMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar
taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby