Bir suprada taýýar kylynsa aşlar...

"Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Güneşli Diýarymyza buýsanç, guwanç duýgulary bilen bakýan daşary ýurtly ildeşlerimiz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň şatlygyna beslenip gatnaşdylar. Şolar bilen bir hatarda ata Watanymyzyň bagtyýar raýatlarynyň hatarynda özümiň hem gatnaşmagym buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy. Munuň özi ýat ýurtlarda mekan tutunan watandaşlarymyz bir supra jem bolup dostanalyk duýgular esasynda gatnaşyklarymyzyň ilerlemegine özüniň täsirini ýetirýär. 

Ata Watanda geçirilen her bir pursatyň ömre barabar saýylýandygy bolsa dünýäniň çar künjünden gelen wekilleriň maslahatda eden çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, pederleriň mähri siňen mukaddes topragyna gelip görmäge, häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Hormat hatlary bilen sylaglanan işjeň agzalary Zemin türkmenleriniň howandary Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Elbetde toýdan serpaýly bolmagyň özi ajaýyp bagt, şanly toýumyzyň bellenilýän günlerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşmagym, maslahatda Hormat haty bilen sylaglanmagym baýramçylyk ruhumyzy goşalandyrdy,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Zeminiň çar künjeginde Watan diýip urýan ýürekleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-owazasyny mundan beýläk-de belende galdyrmak ýaly belent maksadyň daşynda jemleýär.

Goý, belent maksatlaryň myrat tapmagyna gönükdirilen işler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatlary netijesinde hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nejimedin JELILOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly laboranty