Häzirki döwürde oba hojalygy üçin ýokary hünärli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda talyplaryň nazary bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrmagy, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 19-26-njy sentýabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplaryndan hem-de mugallymlaryndan düzülen toparyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeliklerini geçirmegi netijeli boldy.
Tejribeligiň dowamynda dünýäde oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriniň öňdebaryjy önümçilik tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Saparyň esasy ugurlarynyň biri Germaniýanyň Manheim şäherinde ýerleşýän John Deere kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kärhanasyna baryp görmek boldy. Bu ýerde häzirki zaman traktorlarynyň ýygnalyş tehnologiýasy, önümçilikde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we robototehnikanyň ulanylyşy, hil gözegçiligi hem-de synag amallary bilen tanyşyldy. Şeýle hem akylly dolandyryş ulgamlarynyň we ýangyç tygşytlaýjy tehnologiýalaryň iş ýörelgeleri barada maglumat alyndy.
Önümçilik tejribesiniň indiki tapgyry Niderlandlaryň Horst şäherindäki John Deerekompaniýasynyň ösümlikleri goramak üçin niýetlenen tehnika öndürýän ýöriteleşdirilen kärhanasynda geçirildi. Bu ýerde öz-özi ýöreýän we tirkelýän pürküji maşynlaryň taslanylyşy, öndürilişi we ulanylyş aýratynlyklary öwrenildi. Aýratyn-da, dökünleriň we ösümlikleri goraýjy serişdeleriň takyk paýlanyşyny üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalaryna üns berildi. GPS arkaly awtomatiki ugrukdyrma, ekinleriň hatarlaýyn gözegçiligi we pürküji ulgamlarynyň sanly dolandyrylyşy ýaly çözgütleriň oba hojalygyndaky ähmiýeti barada düşünje edinildi.
Germaniýada we Niderlandlarda geçirilen önümçilik tejribeliginiň dowamynda alnan nazary we amaly bilimler talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylyş mümkinçiliklerine düşünmäge ýardam etdi. Öňdebaryjy tehnologiýalary ýurdumyzyň ekerançylyk şertlerine laýyklykda öwrenmek we özleşdirmek geljekki hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
JEMŞIT DURDYBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby