Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, ýurdymyzy gül-gülzarlyga öwürmek, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň alynyp barylýandygyny nygtamak bilen, ekologiýa durnuklylygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli teklipleri hödürlemek bilen bir hatarda olary çözmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan giň möçberli işler dogrusynda uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.
Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrülendigi baradaky çykyşlar Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýurdumyzda ekologiki abadançylygyň we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepilidir” atly tema ylmy-amaly maslahaty düýp özenini düzdi.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.