Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar. Oba zähmetkeşleriniň gazanan üstünlikleriniň şanyna toýlanylýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýan tapýar. Üstümizdäki ýylda azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren türkmen edermen gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri «ak altynyň» hem bol hasylyny aldylar. Miwedir, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl öndürip, ýurdumyzyň kuwwatyna goşant goşdular. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek boýunça milli maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň üstüni ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary bölünip berilýär. Şu maksatlar bilen dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň çalt ýetişýän we ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny girizmek, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärendeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň hususy telekeçiligi goldamak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda uly tagallalar edilýär. Netijede ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uludan toýlanylmagy bolsa, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine döwlet derejesinde ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Babyş ATJANOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.