Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly ertelerimiziň eýeleri boljak ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talabyndan hem-de Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak baradaky görkezmelerinden, sargytlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde institutyň ýaş mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda “Ylym, bilim, geljegiň ak ýoludyr” atly ylmy işleri boýunça bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, ýaş alymlaryň täze ylmy, inženerçilik pikirlerini ösdürmek, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny gazanmak, ylymda halypa-şägirt gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen soňky üç ýylyň dowamynda degişli ugurlar boýunça ýerine ýetirilen, ylmy wezipeleri goýmagyň we çözmegiň aýratynlygy bilen tapawutlanýan işler kabul edildi.
Hasaba alnan ylmy işleriň wajyplygy, täzeçilligi, ähmiýeti barada gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Olara eminler topary tarapyndan seljerme berildi.
Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça institutyň ýaş mugallymlaryndan:
Bäsleşikde talyplaryň çykyşlary esasynda eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça:
Şeýle-de bäsleşikde Agronomçylyk fakultetiniň talyplary Begjanowa Gurbantäç, Ýusupowa Oguljan we Abdyýewa Gurbanjemal höweslendiriji orunlara mynasyp boldylar.
Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaş mugallymlar we talyplar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar ylmy döredijilige giň ýol açýan hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Agronomçylyk fakultetiniň
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy
hünäriniň 4-nji ýyl talyby