Ösüşlere beslenýän döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Häzirkizaman bilimini sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şoňa görä-de, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda dürli görnüşli ylmy gurnaklar döredilip, talyplaryň ylma bolan höwesi has-da ýokarlandyrylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynda hem ähli ugurlar boýunça ylmy gurnaklar hereket edip, olarda ylmy-barlag işlerine degişli bolan tejribeler geçirilýär. Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlar Merkeziniň guramagynda “Kälim agrohimik” gurnagynyň çäginde “Bütindünýä toprak güni” mynasybetli ylmy seminar geçirildi. Oňa institutyň ähli gurnak agzalary gatnaşdylar. “Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmagyň geljegi we meseleleri” ady bilen geçirilen bu seminara gatnaşan gurnak agzalary özleriniň täsirli nutuklary bilen çykyş etdiler.
Ylmy seminara “Ýaş bagban”, “Agroženerçilik”, “Inžener-konstruktor”, “Inžener meliorator”, “Inžener-gidrotehnik”, “Ýaş weterinar” ýaly ylmy gurnaklaryň agzalary bolan talyp ýaşlar we gurnagyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Geçirilen seminarda talyp ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti açylyp görkezildi. Oba hojalygynda topragyň bejergisini geçirmekde, ösümliklere ideg etmekde, şeýle-de dökünleri ulanmakda ulanylýan kämil tehnologiýalar barada beýan edildi.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň, seminaryň dowamynda ýaş alymlar, talyp ýaşlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça gymmatly maglumatlary aldylar.
Geçirilen ylmy seminarda institutyň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Arazgeldiýewa “Ekerançylyk meýdanlaryny kartalaşdyrmakda uzak aralykdan zondirleme usulyny ulanmak”, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby U.Hanmyradowa “Topragyň yzgarlylygyny we temperaturasyny kesgitlemekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” we Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ž.Mirabowa “Toprakdan bol hasyl almakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” atly temalary boýunça has täsirli çykyş etdiler hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Seminara gatnaşyjylar ylmy döredijilige, ylmy ösdürmekde sanly tehnologiýalary giňden ulanmaklyga giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýangiljon PALÝAZOWA,
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy