MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI “NOWRUZ GELSE ÄLEME – REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA” ADY BILEN AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda Bahar paslynyň gözel görke beslenýän ajaýyp günlerinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Milli Bahar baýramy mynasybetli “Nowruz gelse äleme – reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda berkarar Watanymyzyň, asuda asmanyň astynda parahat ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýaňlandy. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda ýerine ýetirilen edebi-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň, güneşli Diýarymyzyň ösüş-özgertmeleriniň waspy belentden ýetirilip, dabara gatnaşýanlaryň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy.

Ýerine ýetirilen şowhunly hem-de joşgunly tanslarynda milli hem-de medeni gymmatlyklarymyz, taryhy üstünliklerimiz öz beýanyny tapmak bilen, “Nowruz gelse äleme – reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň toý ruhuny has-da joşdurdy.

Şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy sowulmaz ýaza ýetiren, bagtyýar durmuşda ýaşadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Miwe NURYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy