“Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimi-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen “Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde millilik, peder ýörelgelerine ugrukdyrmak, olara bu hakda zerur bilimi we düşünjeleri bermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaly meseleler boýunça çykyşlar edildi. Ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda, esasan-da ýaş nesilleriň geljegi üçin örän zyýanlydygy dogrusynda gymmatly maslahatlar berildi.< /p >

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen birlikde ata-baba gelýän peder ýörelgelerimizi, milliliklerimizi gündeki ýaşaýşymyzyñ kadasyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen halkymyzyñ ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler edilýär.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary edýän Milli Liderimize türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Gülşat HAÝYTMYRADOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby