“Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni” mynasybetli “Kitap okamaklygyň häzirki ösen tehnologiýalar döwründe zerurlygy” atly ylmy seminary geçirildi

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Häzirkizaman bilimini sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda dürli görnüşli ylmy gurnaklar döredilip, talyplaryň ylma bolan höwesi hasda ýokarlandyrylýar.

Şol sanda Türkmen oba hojalyk institutynda hem ähli ugurlar boýunça ylmy gurnaklar hereket edip, olarda ylmy-barlag işlerine degişli bolan ylmy seminarlar geçirilýär. Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlar Merkeziniň guramagynda “Ýüpek ýoly” gurnagynyň çäginde “Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni” mynasybetli “Kitap okamaklygyň häzirki ösen tehnologiýalar döwründe zerurlygy” atly ylmy seminary geçirildi. Oňa institutyň ähli gurnak agzalary gatnaşdy. “Kitap okamaklygyň häzirki ösen tehnologiýalar döwründe zerurlygy” ady bilen geçirilen bu seminarda gatnaşýan gurnak agzalary özleriniň täsirli temalary bilen çykyş etdiler.

Ylmy seminara “Ýaş bagban”, “Agroženerçilik”, “Inžener-konstruktor”, “Inžener meliorator”, “Inžener-gidrotehnik”, “Ýaş weterinar” ýaly ylmy gurnaklaryň agzalary bolan talyp ýaşlar we gurnagyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Geçirilen seminarda talyp ýaşlaryň arasynda has tapawutlanan gurnak agzalaryndan Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Batyrow Mukam, Gidroteniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Gökgäýewa Akjemal, Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Zakirjanowa Ogulgerek, ýaly talyplary mysal getirip bolýar. Bulardan başgada höweslendirme hormat hatlara mynasyp bolan talyplardan Amangeldiýewa Ogulnäz, Artykow Nurmuhammet, Gurbandurdyýew Muhammetnazar, Miriýewa Gözel, Gurbangeldiýewa Nurana has täsirli çykyş etdiler we hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Ylmy-gurnaklaryň duşuşygynyň, seminaryň dowamynda ýaş alymlar, gurnak agzalary kitap okamaklygyň häzirki ösen tehnologiýalar döwründe zerurlygyny sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça gymmatly maglumatlary aldylar.

Seminara gatnaşyjylar ylmy döredijilige, ylmy ösdürmekde sanly tehnologiýalary giňden ulanmaklyga giň ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Ýüpek ýoly” gurnagynyň

ylmy ýolbaşçysy H.Ýuldaşewa