BAGBANLAR BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşi, “Ýaş bagban” ylmy gurnagy tarapyndan Bütindünýä Ýer güni mynasybetli “Durnukly oba hojalygyny üpjün etmekde bagbançylygyň orny” atly ylmy seminary geçirildi. Seminara welaýatymyzyň tejribeli bagbanlary, institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onuň barşynda sebitiň toprak-howa şertlerinde bagçylygy ösdürmek boýunça tejribeler, innowasion çözgütler we miweli baglary zyýan berijilerden goramak boýunça çözgütler öwrenildi.

Daşoguz welaýatynda miweli baglary ýetişdirmek boýunça Akdepe etrap ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ussat bagbany Baýramdurdy Gurbanow, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy Soltyýew Orazdurdy talyplara miweli baglaryň ösdürip ýetişdirilişi, ideg işleriniň geçirilişi, sapmak işleri, nahallarynyň tiz wagtda ýetişdirilişiniň aýratynlyklary bilen bagly täsirli gürrüňleri berdiler.

Täsirli geçen bu duşuşykda talyplar bagbanlar bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge degişli gyzyklandyrýan soraglary bilen özara pikir alyşdylar. Bagbanlar miweli baglary köpeltmek boýunça sapmak işiniň geçirilişini, institutyň okuw-tejribe meýdançasynda ösdürip ýetişdirilýän ýaş miweli bag nahallarynda sapmaklygy ýerine ýetirip görkezdiler. Bu bolsa talyplarda uly gyzyklanma döredip, nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde berkitmäge öz täsirini ýetirdi.

Duşuşygyň ahyrynda talyplar täsirli geçen gürrüňdeşligi üçin welaýatymyzyň tejribeli bagbanlaryna minnetdarlygyny bildirdiler.

Aýnabat Kerimowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy