Hormatly Prezidentimiziň köňül kelamyndan, ýiti zehininden dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri olara röwşen geljege sary aýdyň ýoly salgy berýär.
Işjeň ýagdaýda geçen hoşallyk maslahatynda şu ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çap edilen eseriň baý many-mazmunyny we ähmiýetini okyjylar köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmäge bagyşlanan çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler täze kitabyň ekerançylygyň irki ojagy, gadymy siwilizasiýalaryň sallançagy, ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli bolan Änew medeniýeti bilen tanyşmakda, oňa içgin aralaşmakda gymmatly gollanmadygyny bellediler.
«Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly babynda bu keramatly topragyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, hususan-da, täze taryhy eýýamda barha galkynýandygy, iri gurluşyk taslamalary bilen özboluşly keşbe eýe bolýar.
Egsilmez ruhubelentlikde geçirilen hoşallyk maslahatynda ýerine ýetirilen görkezme çykyşlary we ajaýyp tanslar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp waspçysy bolup köňüllere nur çaýdy.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna eýlenen «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň geljekde ýaşlar üçin, şol bir wagtda bagtyýar halkymyz üçin gymmatly gollanma boljakdygyny buýsançly nygdadylar. Dabaranyň ahyrynda hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar eziz Watanymyzy nurana geljege, beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.