ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA GEODEZIÝA BOÝUNÇA V INTERNET DERS BÄSLEŞIGINI GURAMAK WE GEÇIRMEK HAKYNDA
D Ü Z G Ü N N A M A
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça V internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça V internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy çykyş edýär.
Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
II. Bäsleşigiň maksady
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
Habarlaşmak üçin tel.: +99362733905; +99364264160;
e-mail: tohi_tm@sanly.tm