Topragy öwreniş boýunça I internet ders bäsleşigi

TOPRAGY ÖWRENIŞ BOÝUNÇA I INTERNET DERS BÄSLEŞIGINI
NETIJELERI

T/bGatnaşyjynyň F.A.Aa.ÝOM-yň adyEýelän orny
1Begmedow GutlymyratTOHII
2Mokrousow AhmetTITUKII
3Zakirjanowa AlbinaTOHIII
4Ahmedow DöwranTDMIII
5Ýoldaşow GuwançHAAII
6Aýmämmedow GündogdyTSIII
7Akyýewa MerjenTOHIIII
8Rahmatullaýewa ŞemşatTDMIIII
9Miriýewa GözelTOHIIII
10Mämmedow SüleýmanTITUIII
11Müsürow SaparmuhammetIIMIIII
12Dosçanowa FirýuzaTOHIIII

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA TOPRAGY ÖWRENIŞ BOÝUNÇA I INTERNET DERS BÄSLEŞIGINI GURAMAK WE GEÇIRMEK HAKYNDA
DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaTopragy öwreniş boýunça I internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Topragy öwreniş boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy çykyş edýär.

Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady:

  • ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
  • ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
  • hünärmenleri taýýarlamakda Topragy öwreniş dersiniň ähmiýetine düşünmek;
  • talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
  • talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;
  • önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;
  • halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;
  • hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.
  • III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

    Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.

    Guramaçylyk topary:

    • ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
    • bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar.

    IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

    4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 3-nji, 4-nji we 5-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler.

    4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2024-nji ýylyň 2-nji noýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.

    4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan ybarat bolan test soragnamalary berler.

    4.4. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda sagat 14:00-da geçiriler.

    4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.

    4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.

    4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.

    4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.

    4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut.

    4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.

    4.11. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

    4.12. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

    4.13. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.

    V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

    5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.

    5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5%-i I derejeli, 10%-i II derejeli we 15%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

    5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.

    5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.

    Habarlaşmak üçin tel.: +99362683997; +99365276237; e-mail: tohi_tm@sanly.tm