T/b | Gatnaşyjynyň F.A.Aa. | ÝOM-yň ady | Eýelän orny |
---|---|---|---|
1 | Orazgeldiýew Döwlet | TOHI | I |
2 | Meretbaýew Ýolaman | TSI | I |
3 | Gurbansähedow Janmämmet | TDBGI | I |
4 | Ataýew Orazgeldi | TOHI | II |
5 | Kakageldiýew Muhammetmyrat | TOHU | II |
6 | Kerimow Mähri | TITUKI | II |
7 | Mämmedowa Aýgül | TOHU | II |
8 | Jumaýewa Zübeýda | TSI | II |
9 | Abdyýew Nurmuhammet | TOHI | III |
10 | Baýramow Ramazan | TDEI | III |
11 | Temirow Akmuhammet | TIIMI | III |
12 | Sähedow Abdylla | TIIMI | III |
13 | Merdanow Kasym | TITUKI | III |
14 | Akweliýew Ýeňiş | TDEI | III |
15 | Çaryýew Röwşen | HNGU | III |
16 | Çaryýew Kemal | HNGU | III |
17 | Seýdowa Aýlar | TDBSI | III |
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ýylylyk tehnikasy boýunça I internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ýylylyk tehnikasy boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasy çykyş edýär.
Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 3-nji, 4-nji we 5-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler.
4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2024-nji ýylyň 2-nji noýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan (30 test soragy 1 baldan, 20 test mesele görnüşde 2 baldan) ybarat bolan test soragnamalary berler.
4.4. Bäsleşige 2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda sagat 14:00-da geçiriler.
4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.
4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.
4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut.
4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.
4.11. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
4.12. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
4.13. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.
5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5%-i I derejeli, 10%-i II derejeli we 15%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin tel.: +99365715116; +99365633699; e-mail: tohi_tm@sanly.tm